Russiýanyň Tomsk oblastynyň Kolpaşýew raýonynda iki erkek kişi aýynyň hüjüminden heläk boldy, olaryň jesetlerini ýerli ýaşaýjylar tokaýdan tapdylar. Bu barada RF-niň sebit derňew edarasyna salgylanýan TASS habar berdi diýip, «belta.by» ýazýar. 18-nji sentýabrda ýerli fermanyň 44 ýaşly işçisiniň ady tutulan etrabyň Sewer obasynyň golaýyndaky tokaýa ýiten sygryny gözlemäge gidendigi habarda bellenýär. Ertesi ony gözlemäge 46 ýaşly obadaşy hem gidipdir. Olaryň jesetleri iki günden soňra ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tokaýdan tapylypdyr. Aýyny ýok etdiler. Ady tutulan edarada ýaşaýjylary we sebitiň myhmanlaryny seresap bolmaga hem-de ýyrtyjylaryň işjeňleşen möwsüminde tokaýa barmakdan saklanmaga çagyrdylar. Ýylyň başyndan bäri Russiýanyň sebitlerinde aýylaryň hüjüminden 14 adamyň gurban bolandygy aýdylýar. Aýylaryň ilatly ýerlere barmagy sebitleriň 41-sinde hasaba alnypdyr. Ýagdaý has-da Gündogar Sibirde çylşyrymly, ol ýerde ýabany haýwanlar mekdeplere, harby bölümlere golaý barypdyrlar, ýaşaýyş öýlerine girmäge çalşypdyrlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir