Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşindäki deslapky ses berlişikde Baş sekretaryň wezipesine dalaşgärleriň arasynda iň köp ses alan ÝUNKTAD-yň başlygy Rebeka Grinspan boldy diýip, guramadaky çeşmelere salgylanýan TASS habar berdi. Grinspanyň saýlawlara gatnaşmagyny goldap, HG-niň agzalarynyň dokuzysy ses berdi, bäşisi garşy çykdy, ýene biri pikirini aýtmady. Ikinji orunda sekiz goldaw we alty garşy ses bilen Gaýanadan Karolin Rodriges-Birkett ýerleşdi, oňa agzalaryň biri garaýşyny aýtmakdan saklandy. Üçünji orunda Ugandanyň bütindünýä guramasyndaky öňki hemişelik wekili Olara Otunnu ýerleşdi, ony goldanlaryň sany bäş, garşy çykanlaryň sany ýedi we saklanan üç boldy. MAGATE-niň başlygy Grossi hem sesleriň bäşisini aldy, emma Howpsuzlyk Geňeşiniň sekiz agzasy oňa garşy ses berdi, iki agza saklandy. Çiliniň öňki Prezidenti we BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissary (2018-2022) Mişel Baçalet BMG-niň Baş sekretarynyň saýlawlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürýändigini yglan etdi.