Şu ýylyň 12 – 16-njy sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Fuszýan prowinýasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri metbugat saparynda boldular. Saparyň dowamynda žurnalistler Sýamen deňiz senagaty ýokary tehnologiýalar parky, «Ýuýszýan Minan» adyndaky syýahatçylyk toplumy, Ninže şäherinde «Garyplykdan azat bolmak» atly ýöriteleşdirilen muzeýde sergilenen eksponatlar, «Contemporary Amperax Technology Co., Limited» kompaniýasynyň merkezi binasynda ýerleşdirilen eksponatlar we kompaniýanyň alyp barýan işleri, Kibu şäherçesiniň Houýan obasynda ýerleşýän ekologik siwilizasiýasynyň merkezi, Çžounin etrabynyň Fuçžou şäheriniň bagbançylyk seýilgähi, şäherdäki gülçülik-bagbançylyk kärhanasy, «Pandalar dünýäsi» seýilgähi bilen tanyşdylar. Saparyň jemleýji gününde žurnalistler «Üç çärýek we ýedi köçe» atly taryhy merkeze baryp gördüler. Bu merkez häzirki wagtda Hytaýda taryhdan galan janly ýadygärlik hasaplanylýar. Köçelerde Hytaýyň taryhy keşbi saklanyp galypdyr, şeýle-de gadymy jaýlarda ýerleşen dükanlarda halkyň milli amaly-haşam sungatynyň önümleri, dürli görnüşli çaýlar we sowgatlyklar syýahatçylara hödürlenilýär. Saparyň dowamynda žurnalistler hytaýly kärdeşleri bilen pikir alyşdylar, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny beýan edýän gazet-žurnallarynyň dürli ýyllardaky sanlaryny ýadygärlik sowgat hökmünde berdiler. Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentliginiň Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-hytaý metbugat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda özara saparlary, ýaş žurnalistler üçin maslahatlary geçirmek, iki ýurduň metbugat wekilleriniň halkara we sebit çärelerine gatnaşmagyny giňeltmek ýaly teklipleriň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň iýunynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda geçirilen metbugat forumynda metbugat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, medeni mirasy goramak, gadymy Ýüpek ýoluny beýan etmek we halkara aragatnaşygyny ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Munuň özi türkmenistanly we hytaýly žurnalistleriň özara tejribe alyşmagynda örän ähmiýetlidir.