Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar sebäpli dünýäde açlyk çekýänleriň sany 2030-njy ýyla çenli 520 million adama ýetip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Russiýa Federasiýasy bilen aragatnaşyklar bölüminiň direktory Oleg Kobýakow aýtdy. Kobýakowyň sözlerine görä, gapma-garşylykdan öň bu görkeziji 503 million adam diýlip çaklanýardy. Çaklama düzülende, adatdan daşary howa ýagdaýlary hasaba alynmady, olar ýagdaýy has-da çuňlaşdyryp biler diýip, guramanyň bilermenleri çaklaýarlar. Energiýa göterijilere we döküne nyrhlaryň artmagy öz gezeginde goşmaça ýurtlarda hem azyk gytlygyna getirip biler. Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk netijesinde Ormuz bogazynda gämi gatnawy togtady. Bogaz dünýä bazaryna nebitiň, nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň esasy eltilýän ugrudyr. Şunlukda, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde ýangyjyň nyrhlary ýokarlandy diýip, «news.by» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir