Russiýaly psiholog lukman Irina Grekowa adamlaryň nämüçin meşhur blogerleriň tiz täsirine düşýändigini hem-de olaryň maslahatlaryna ynanýandygyny düşündirdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär. Hünärmeniň sözlerine görä, adamlar ýyldyz blogerleriň çykyşlarynyň mahabat häsiýetlidigini bilseler hem, ol harytlary satyn alýarlar. Munuň sebäbi kontente yzygiderli seredilende, wideonyň awtory köne tanyş ýa-da goňşy ýaly kabul edilýär, onuň ýaşaýyş terzi (stili) öýkünmek üçin özboluşly nusgalyga öwrülýär. Tomaşaçylar meşhur adamlary çyn ýürekden gowy görýärler, olaryň durmuşyny özleriniňkiden gyzykly hasaplaýarlar. Hatda käbir abunaçylar içinden ýa-da daşyndan meşhur adamlar bilen ekranyň öňünde gepleşýärler. Şeýle ynamyň berkemegine blogeriň sahypasyndaky laýklardyr makullaýjy ýazgylar hem oňyn täsir edýär. Adamlar «Köplük ýalňyşyp bilmez» diýen pikire uýýarlar. Psiholog köp halatda adamlaryň şeýle mahabat sahypalaryndan harytlaryň köp satyn alynmagynyň aňyrsynda internet ulanyjylaryň halaýan blogerlerine golaý bolmak isleginiň ýatýandygyny belledi. Ýagny adamlar öz söýgüli blogerleri ýaly kaşaň awtoulag ýa-da öý satyn alyp bilmejekdiklerini düşünýärler, şonuň üçin mahabat edýän gajetini ýa-da adaty diş pastasyny satyn almak bilen, oňa golaýlaşýan ýaly duýgyny başdan geçirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir