Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson garşylykçy partiýa parlamente saýlawlarda ýeňiş gazanandan soňra iş başyndan gidýändigini yglan etdi. Kristersson 13-nji sentýabrda geçen parlament saýlawlarynda ýeňlen Sagçymerkezi topara ýolbaşçylyk edýär. «Meni işden boşatmagyňyzy haýyş edýärin» diýip, ol Parlamentiň başlygyna ýollan hatynda ýazdy, şeýle hem hatyň mazmunyny «X» sosial torunda ýerleşdirdi diýip, «ria.ru» habar berdi. Saýlawlarda Çepçi merkezçi topar (Şwesiýanyň Sosial-demokratik işçiler partiýasy, Çepçi partiýa, Daşky gurşawy goramak partiýasy, Merkez partiýasy) dolandyryjy bileleşikden (Aram koalision partiýa, «Liberallar» partiýasy, «Hristian demokratlar», «Şwed demokratlary») 48,9 göterimiň garşysyna 49,5 göterim ses, ýagny 173 mandatyň garşysyna 176 mandat tapawut bilen üstün çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir