Paýtagtda düýn öz işine başlan we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam edýär. Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan sergi milli ykdysadyýetiň gazananlaryny, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni we ynsanperwer durmuşynda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleri, şeýle hem halkymyzyň özboluşly baý medeni mirasyny giňden şöhlelendirýär. Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär Serginiň diwarlyklarynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň alyp barýan işleri, şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän çäreler giňden beýan edilýär. Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär Giň gerimli serginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň 35 ýylynda döwlet we hususy pudaklaryň gazananlaryny görkezýän tanyşdyryş çäreleri guraldy. Daşary ýurtly myhmanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän täze taslamalar, şeýle hem türkmen haryt öndürijileriniň täze önümleri bilen tanyşdylar. Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir