«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek. Ýerine ýetirmeli işler: wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak; täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunça habar taýýarlamak; materiallary sowatly, ýalňyşsyz we gysga wagtyň içinde taýýarlamak. Dalaşgäre bildirilýän talaplar: KHBS-de iş tejribesi (habarlary ýazmak, gaýtadan işlemek); türkmen we rus dillerini erkin bilmek; rus dilinde sowatly ýazmak; habarlaryň gün tertibine düşünmek. Şertler: iş tertibi: duşenbe — anna günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni sagat 9:00-dan 13:00-a çenli; zähmet haky söhbetdeşligiň netijeleri boýunça bellenilýär. Zähmet terjimehalyňyzy we iş üçin maglumatyňyzy «Wakansiýa: žurnalist» diýen bellik bilen info@turkmenportal.com elektron poçta salgysyna iberip bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir