Lebap welaýatynda pagta süýüminiň önümçiligi 2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 44,8 müň tonna ýetirildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,2 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 33,6 göterime deňdir. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Şeýle hem ekerançylar ýylyň başyndan bäri gök önümleriň 174,2 müň tonnasyny ýetişdirdiler. Ýeralmanyň önümçiligi 109,9 müň tonna, azyklyk bakja önümleriniňki 132,1 müň tonna ýetirildi. Geçen ýylyň sekiz aýynda 4,8 müň tonna üzüm öndürilen bolsa, şu ýyl onuň möçberi 5,3 müň tonna ýetirildi. Miwe we ir-iýmişleriň önümçiliginde-de oňyn ösüş hasaba alyndy. Maldarçylykdaky netijeler azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Et önümçiligi diri agramda 104,4 müň tonna, süýt önümçiligi 453,2 müň tonna ýetdi. Ýumurtga önümçiliginde bolsa has aýdyň ösüş bar: geçen sekiz aýda 191,3 million sany ýumurtga öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,9 million sany ýa-da 4,3 göterim köpdür. Şeýle hem welaýatda düýeleriň sany 5,9 müň başa ýetip, geçen ýylyň şol döwründäkiden 3,5 göterim köpeldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir