2026-njy ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda ulanylan düýpli döwlet maýa goýumlarynyň möçberi 1 milliard 213,9 million manada ýetdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Geçen ýylyň degişli döwründäki 815,2 million manatlyk görkeziji bilen deňeşdirilende ösüş 398,7 million manada barabar boldy. Şeýlelikde maýa goýumlaryň möçberi 48,9 göterim ýokarlandy. Bu ugurda býujet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylan maýa goýumlar aýratyn ýokary depgine eýedir. Olaryň möçberi bir ýylyň dowamynda 132,3 million manatdan 373,9 million manada ýetdi. Diýmek, 241,6 million manatlyk goşmaça serişde özleşdirilip, ösüş 182,6 göterime barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyldakydan tas üç esse ýokary. Býujetden daşary serişdeleriň hasabyna ulanylan düýpli maýa goýumlaryň möçberi-de ep-esli ýokarlandy. Ol 353 million manatdan 552,2 million manada ýetip, 56,4 göterim ösüş gazanyldy. Öz güýji bilen ýerine ýetirilen döwlet potrat işleriniň möçberi bolsa 387,5 million manada ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,7 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir