Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşýar. Bu çäre 14 — 18-nji sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Türkmen wekiliýeti çäräniň dowamynda milli beýannama bilen çykyş edip, IAEA-nyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady hem-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň agentligiň agzalygyna girenine 10 ýyl bolýandygyny belledi. Türkmenistanyň ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, ýadro we radiasiýa howpsuzlygy, şeýle hem ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagy ýörelgelerine ygrarlydygy nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky, şol sanda onkologik keselleri anyklamak we bejermek boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle hem IAEA-nyň Aşgabatdaky Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezine berýän goldawyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan tarapyndan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin atomlar» atly başlangyç öňe sürüldi Şeýle-de wekiliýet ýadro ylmy we tehnologiýalary arkaly onkologik keselleri anyklamak we bejermek hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselesine bagyşlanan IAEA-nyň «Umyt şöhleleri: onkologiýa kömeginiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek» atly ylmy forumyna gatnaşdy. Forumyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly ulanylyşyna elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin atomlar» atly başlangyç öňe sürüldi.