9-15-nji sentýabr aralygynda Italiýanyň Federiko II adyndaky Neapol uniwersitetinde Erasmus+ maksatnamasynyň «Dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş ulgamynda innowasion okuw meýilnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» (CirculEC) taslamasynyň durnuklylygy we mundan beýläkki ösüşi boýunça utgaşdyryjy duşuşyk hem-de birnäçe okuw seminarlar geçirildi. Taslama 2023-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we 2026-njy ýyla çenli dowam eder. Onuň esasy maksady — häzirki zaman bilim talaplaryny we halkara tejribesini nazara alyp, dolanyşykly ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň ýörelgelerine laýyk gelýän bilim maksatnamalaryny ösdürmek hem-de döwrebap okuw modullaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Çärelerde ýurdumyza Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmeni Rustam Gajyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Sanly ykdysadyýet» kafedrasynyň mugallymy Arslan Mätkerimow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Bank işi» kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow wekilçilik etdiler. Utgaşdyryjy duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň — ýokary okuw mekdepleriniň utgaşdyryjylary we wekilleri, şeýle hem taslama gatnaşyjy Ýewropa guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaş guramalaryň wekilleri taslamanyň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýy, gazanylan netijeler hem-de işlenip taýýarlanylan bilim modullaryny we okuw maksatnamalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Gatnaşyjy ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda tejribe alyşmaga, taslamany durmuşa geçirmegiň indiki tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de gazanylan netijeleriň durnuklylygy meselelerine aýratyn üns berildi. Aýratyn hem gatnaşyjylar mundan beýläkki halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini — hyzmatdaş guramalaryň täze bilim we ylmy-barlag başlangyçlaryna bilelikde gatnaşmak mümkinçiliklerini, şeýle hem Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir