Meşhur fransuz aktýory Žerar Depardýe kazyýet seljerişlikleri sebäpli mundan beýläk kino surata düşmek islemeýär. Bu barada prodýuser Arno Frille «RIA Nowosti» habarlar agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy. «Gynansagam, ol indi kino surata düşenok. Onuň başyndan geçen örän hesretli we adalatsyz wakalar sebäpli işläsi gelmeýär. Žerar halys ruhdan düşdi, çuň göwnüçökgünlige uçrady» diýip, agentligiň söhbetdeşi aýtdy. Frille we Depardýe bile köp filmde işleşipdiler. «Men onuň bile 20 ýyl işleşdim, biz ajaýyp filmleri döretdik. Emma, gynansamam, bu kazyýet çekişmeleri ony ahlak we hünär taýdan doly ýok etdi. Barysy-da bu beýik aktýora atylan töhmet sebäpli» diýip, prodýuser sözüniň üstüni ýetirdi. «Adamlaryň köpüsinde Depardýe jogapkärçiligi almakdan boýun gaçyrýar diýen pikir bar, emma ol aslynda näme hakda gürrüň edilýändigine-de düşünip baranok. Ol degişmäni halaýan adam. Goý, arasynda gödek bolsun, ýöne ol şeýle ýaradylan adam» diýip, Frille sözüniň jemledi. Häzir Fransiýada Žerar Depardýeniň garşysyna birnäçe kazyýet derňewleri alnyp barylýar, ony salgyt kezzapçylygynda we bikanun girdeji gizlemekde, şeýle hem Belgiýada galp ýaşamakda aýyplaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir