2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Aşgabadyň «Watan» kinokonsert zalynda «Dünýä hitleri 2000–2015» atly konsert geçiriler. Başlanýan wagty sagat 19:00. Maksatnamany halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Annagurban Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestri ýerine ýetirer. Orkestriň ýerine ýetirmeginde AC/DC, Enrique Iglesias, Backstreet Boys, No Doubt, Adele we Michael Jackson ýaly aýdymçylaryň we aýdym-saz toparlarynyň eserleri, şeýle hem Hans Zimmeriň kinofilmler üçin döreden sazlary ýaňlanar. Maksatnamada türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň we Rejep Rejepowyň eserlerine hem aýratyn orun berler. Aşgabatda «Dünýä hitleri 2000–2015» atly konsert geçiriler Sahnada Asal Ruslanowa, Humaý Kakaýewa, Batyr Baýmyradow, Mustapa Ýagşyýew we Melekşa Gulyýewa ýaly zehinli ýerine ýetirijiler çykyş ederler. Biletleri sargyt etmek we maglumatlary almak üçin +993 62 82-28-27 we +993 61 18-60-49 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir