Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bäsleşige Watana bolan söýgini, bagtly çagalyk döwrüni, bütindünýä parahatçylygy mowzugyny, şeýle hem Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň parahatçylygy döredijilige gönükdirilen başlangyçlaryny beýan edýän düzmeler, suratlar we el işleri kabul edilýär. Bäsleşik birnäçe tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr 1–7-nji oktýabr aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçiriler. Ikinji tapgyr 12–20-nji oktýabr aralygynda etraplaryň we şäherleriň derejesinde geçiriler. Üçünji tapgyr 3–11-nji noýabr aralygynda welaýatlaryň, paýtagtymyzyň hem-de Arkadag şäheriniň derejesinde geçiriler. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler. Bäsleşigiň Düzgünnamasy bilen jikme-jik şu ýerden tanşyp bilersiňiz.