Ýurdumyzyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz»döwlet konsernleriniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň biri bolan «Huawei» kompaniýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen birnäçe netijeli iş duşuşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň saýtynda habar berilýär. Türkmen wekiliýeti «Huawei» kompaniýasynyň telekommunikasiýa, IT we akylly enjamlar ulgamyndaky täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Tehnologiýalaryň işleýiş aýratynlyklary we artykmaçlyklary amaly mysallaryň üsti bilen görkezildi, önümçilige ornaşdyrmazdan ozal geçirilýän barlaghana synaglarynyň tapgyrlary jikme-jik düşündirildi. 16-njy sentýabrda geçirilen ýörite iş duşuşygynda nebitgaz pudagynyň sanly we intellektual özgertmelerine aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň dowamynda «Huawei» kompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kärhanalary, şol sanda Hytaýyň «CNPC» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň dowamynda toplap gelen emeli aň, bulut hasaplamalary, uly göwrümli maglumatlaryň (Big Data) seljermesi we «akylly» önümçilik ugurlaryndaky halkara tejribesi öwrenildi. «Huawei» tarapyndan teklip edilen «Cloud + AI + Big Data + ýokary tizlikli aragatnaşyk + önümçilik maglumatlary» konsepsiýasy geologiýa-gözleg işlerinden başlap, turbageçirijilere gözegçilik etmäge çenli önümçilik işleriniň ýokary derejede sanlylaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Gepleşikleriň netijeleri boýunça «Huawei» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny sanly özgertmegiň geljegine degişli tekliplerini beýan etdi we önümçilik maglumatlaryny bitewi ulgama birleşdirmek hem-de emeli aňy ornaşdyrmak boýunça synag taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi teklip etdi.