Dünýäniň energiýa bazary «beýik ýangyç krizisiniň» gelendigi ykrar etdi. «Wall Street Journal» žurnalynyň habar bermegine görä, nebitiň ählumumy gorlary tükenip barýar, ätiýaçlyk gurallary doly güýjüni ýetirdi. Bu barada «news.by» ýazýar. Ýagdaýy Saud Arabystanyndaky nebit geçirijisine hüjüm edilmegi netijesinde gije-gündizlik 2,5 million barrel nebitiň bazardan çykmagy we Bab-el-Mandeb aýlagynyň etrabynda ýagdaýyň ýitileşmegi has-da çylşyrymlaşdyrdy. Netijede, Ştatlarda dizel ýangyjynyň bir gallony rekord derejedäki 6 dollar 23 sente ýetdi, amerikan nebitiniň nyrhy bolsa, 101 dollara golaýlady. Ýangyç gytlygy Ýewropany hem basdy. Germaniýada ýokary hilli benziniň bahasy iň ýokary taryhy derejä, ýagny bir litr üçin 2 ýewro 30 sente ýetdi. Dizel ýangyjynyň bahasy 2,4 ýewro deň diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir