Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Koreýanyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom Seul şäherinde duşuşyk geçirildi we onuň dowamynda täze ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde geçirildi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda dürli häsiýetli birnäçe ylalaşyklara we özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlyk üçin berk hukuk binýadyny döretdi. Sungkýunkwan uniwersiteti bilen nobatdaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda öňe sürlen teklipler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has amaly derejä çykarmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle hem häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam eder. Ozal biz Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekendikleri barada habar beripdik.