Täjigistanda soňky 24 ýylda oba hojalyk önümleriniň önümçiligi 122 esse artdy we 2025-nji ýylda 85 million somonä deň boldy (1 dollar – 9,24 somoni). Bu barada ýurduň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentlige salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Agzalan döwürde dänäniň önümçiligi 6, ýeralmanyňky 12, gök önümleriňki 11 we miwe önümçiligi 48 esse ýokarlandy. Oba hojalyk harytlarynyň önümçiliginiň umumy möçberi 2025-nji ýylda 85 mlrd somonini düzdi, bu 1991-nji ýyldakydan 3,7 esse artykdyr. Oba hojalyk pudagyna Täjigistanyň jemi içerki önüminiň 21 göterimden gowragy degişli bolup, ilatyň 61 göterimden gowragyny iş bilen üpjün edýär. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Respublikanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly çykyşynda häzir ilatyň esasy azyk önümleri bilen üpjünçiliginiň 85 göterimden gowragynyň ýerli önümçilige degişlidigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir