ABŞ-daky kitaphana 132 ýyllap gaýtarylmadyk žurnal üçin Jon atly ýerli ýaşaýjydan 12 müň dollar jerime talap etdi diýip, «BBC» habar berdi. Gürrüň «The Century Illustrated Monthly Magazine» žurnalynyň sentýabr sany barada barýar. «Concord Public Library» kitaphanasynyň maglumatlaryna görä, neşiri 48220 gün gijikdirip tabşyrdylar, bu takmynan 132 ýyla deň. Žurnaly kitaphana gaýtaryp beren Jonuň gürrüňine görä, neşir onýyllyklardyr, onuň öýünde ýatypdyr, emma ol žurnalyň nädip öýüne düşendigini bilmeýär. Jonuň kellesine ony gaýtaryp bermek pikiri kitaphanalara giç gaýtarylan kitaplar üçin jerimeleriň wagtlaýyn ýatyrylandygy barada ýerli gazetde habar okanyndan soňra gelipdir. «Biz adamlar bireýýäm wagty geçen kitaplary gaýtaryp getirerler öýdýärdik, emma baryp XIX asyryň aýagyndan getiräýerler diýip kellämize-de gelenokdy» diýip, kitaphananyň işgärleri degişýärler. Indi Jonuň getiren žurnalyny okalga däl-de, ýerli taryh bölümine tabşyrmak barada pikirlenýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir