Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbol boýunça ýygyndysy «FIFA U-15 World Cup & Festival 2026» ýaryşyna gatnaşar. Taryhda ilkinji gezek geçiriljek bu ýaryş 2026-njy ýylyň 22–31-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanda geçiriler. Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşa FIFA-nyň agza assosiasiýalarynyň ählisiniň ýygyndylary gatnaşar. Öňümizdäki ýaryşyň toparçalarynyň düzümi Özbegistanyň tanymal futbol hünärmeni we FIFA-nyň oýunlar boýunça direktory Alişer Nikimbaýewiň «Futbolium» atly Telegram kanalynda çap edildi. Geçirilen bijä çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy «L» toparçasyna düşdi. Bu toparda Italiýanyň, Kataryň, Gonkongyň (HHR), Beniniň we Kuk adalarynyň ýygyndylary hem çykyş eder. Türkmenistan ilkinji gezek geçirilýän «FIFA U-15 World Cup and Festival 2026» ýaryşyna gatnaşar Ýaryş futbol festiwaly görnüşinde guralyp, ýaş zehinleri ösdürmäge gönükdirilen ählumumy maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Bäsleşigiň esasy maksady geljegi uly ýaş futbolçylary ir ýüze çykarmak, olaryň tehniki ussatlygyny ýokarlandyrmak, oýun düşünjesini ösdürmek hem-de geljekde geçiriljek halkara ýaryşlaryna, şol sanda FIFA-nyň U-17 dünýä çempionatyna taýýarlamakdan ybaratdyr. Duşuşyklar derwezebany hem goşmak bilen, 8-e 8 görnüşinde geçiriler. Bu format hut şu ýaş topary üçin ýörite işlenip düzüldi we futbolçylara top bilen has köp işlemäge, oýnuň barşynda has köp çözgüt kabul etmäge hem-de hüjüm hereketlerine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ýaryşa 2011-nji we 2012-nji ýyllarda doglan futbolçylaryň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Her bir topar 14 futbolçyny, şol sanda azyndan iki derwezebany, şeýle hem tälimçiler toparynyň alty wekilini düzüme girizer. Ýaryş iki tapgyrdan — saýlama tapgyrdan we esasy ýaryş tapgyryndan ybarat bolar. Ähli gatnaşyjylar aýry-aýry tapgyrlardaky netijelerine garamazdan, ýaryşyň bütin dowamynda duşuşyklary geçirerler.