Lebap welaýat kitaphanasynda etrap-şäher kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurduň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphana işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşikde hünärmenleriň ukyp-başarnyklary, iş başarnyklary gözden geçirildi. Netijede Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa birinji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa we Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagy degişlilikde ikinji we üçünji orunlara eýe boldular.