Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we iki ýurduň maýadarlaryny goramak üçin birmeňzeş hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny goramak baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Yonhap» agentligi ýazýar. Ylalaşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow, koreý tarapyndan bolsa ýurduň daşary işler ministri Ço Hýon gol çekdiler. Ylalaşyk maýa goýumlary üçin dürli goldawlary we ýeňillikli şertleri kepillendirýär. Habarda bellenilişine görä, ylalaşygyň ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny berkitmegine, koreý kompaniýalary üçin maýa goýum durnuklylygyny ýokarlandyrmagyna hem-de olaryň Türkmenistanda şäher gurluşygy, gämi gurluşygy, gazhimiýa we dökün zawodlary ýaly geljegi uly taslamalara gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeltmegine garaşylýar. Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Seulda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir