Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri hem-de binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çäginde döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mekdebiň, gurulmagy teklip edilýän çagalarynyň bagynyň hem-de sport toplumynyň şekil taslamalary, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hem-de durmuş maksatly binalaryň içki hem-de daşky bezeg işleriniň görnüşleri bar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag şekil taslamalaryna birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Aýratyn-da bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň oglanlar we gyzjagazlar üçin niýetlenilen otaglarynda degişli bezeg işleriniň amala aşyrylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag otaglaryň aýratynlygy nazara alnyp, olarda ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsine degişli şekilleriň ýerleşdirilmelidigini belledi. Täze şäherde gurulýan mekdepde berilýän bilimiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri mekdepde berilýän bilimiň halkyň milli edep ýörelgelerini bilen utgaşykly alnyp barylmagyna ünsi çekdi. Munuň özi ýaşlarda edeplilik, zähmetsöýerlik we watansöýüjilik häsiýetleriniň möhüm orun eýelemeginde ähmiýetli ugur hasaplanylýar.