Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde «Arkadagyň ruhy metjidinde» alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde hajy Arkadagyň metjidiň baş ymamy Ý.Hojagulyýew mähirli garşylady. Hajy Arkadagyň garamagyna şäheriň 30 müň adama niýetlenilen metjidiniň ýanynda gurulýan medresäniň okuw otaglaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň öwredilýän dersleri doly derejede özleşdirmekleri üçin döredilen şertlere degişli şekil taslamalary görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, medresäniň otaglaryny enjamlaşdyrmak we talyplaryň dersleri özleşdirmekleri üçin zerur şertleri üpjün etmek babatda dünýäniň ösen tejribesiniň we ugurdaş düzümleriň işiniň ýokary derejede öwrenilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň yslam dünýäsiniň kadalaryna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow medresäniň binalar toplumynda talyplaryň we mugallymlaryň bilimleri ýokary derejede özleşdirmekleri, olaryň oňaýly dynç almagy hem-de ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hajy Arkadag bu ýerde bina edilýän medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine laýyk gelýändigini aýtdy we dünýäniň dürli ýurtlarynda şunuň ýaly ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwredilýän sapaklaryň özleşdirilmeginde dünýä tejribesinden ugur almak babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir