Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde «Arkadag» futbol toparynyň türgenleşik geçýän, halkara derejesindäki bäsleşikleri geçirýän stadionynyň häzirki ýagdaýynyň talabalaýyk däldigini belläp, onuň derejesine nägilelik bildirdi. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň hem-de «Arkadag» stadionynyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de Arkadag şäher häkimliginiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmaýandygynyň netijesidigini aýtdy. Gahryman Arkadag stadiona ýokary derejede ideg edilmese, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini ýatlatdy. Gahryman Arkadag iş maslahatyny jemläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň we kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.