Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe maşgalalar Arkadag şäheriniň çäklerinde bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna göçürilip getiriler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri jemgyýetiň durmuşynda we milli senenamada möhüm orny eýeleýän şanly Garaşsyzlygyň toýuna guralýan baýramçylyk dabaralarynda zähmetsöýer halkyň belent ruhunyň, bagtyýarlygynyň, ýurduň abadançylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we baýramçylyk dabaralaryny taryhy ähmiýeti bolan wakalara beslenmegini üpjün etmek babatda öwüt-ündewlerini berdi.