Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, gurluşyk işlerini ýokary hil derejesinde alyp barmak we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulandygy barada giňişleýin maglumat berdi. Gahryman Arkadag gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman ösen tejribesini utgaşdyrylmalydygyny belläp, ulanyş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki döwrüň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyklykda çemeleşilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, desgalaryň bezeg işlerinde, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň hem-de ýaş mugallymlaryň pikirleri öwrenilmelidir. Arkadag şäheriniň durmuş we önümçilik maksatly binalar toplumynyň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy we ähli desgalaryň ýokary hil derejesinde ulanylmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Bu barada aýtmak bilen Gahryman Arkadag özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanýan maslahatlaryny berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir