Moldowa Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistanda bolýar. TDH agentliginiň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde 14-nji sentýabrda birnäçe ministrliklerde, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň Başlygy D. Gulmanowa bilen duşuşyk we Türkmen-moldowa parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary häzirki zaman, depginli ösýän we uly ykdysady hem-de serişde mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge öz ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň möhüm meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda parlamentara dialogy has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu nukdaýnazardan Parlamentara dostluk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bolan özara ygrarlylyklaryny tassyklap, türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Çeşmäniň bellemegine görä, dowam edýän saparyň çäklerinde wekiliýetiň birnäçe ministrliklerde duşuşyklary, şeýle hem ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşdyryş gezelenji meýilleşdirilýär.