Kemine adyndaky Mary welaýatynyň döwlet drama teatrynyň döredijilik topary režissýor Ata Gullarowyň ýolbaşçylygynda «Türkmen soltany» atly täze monospektakly sahnalaşdyrdy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Täze sahna eseri ýurduň teatrlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlaryň birine mynasyp boldy. Spektaklyň bütin dowamynda sahnada diňe bir aktýor çykyş edýär. Ol soltan Jelaleddiniň hem-de onuň esasy garşydaşy Çingiz hanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrýar. Bu çylşyrymly keşpleriň ählisini ýaş aktýor Gerçek Orazmuhammedow öz üstüne alyp, goranyşdan hüjüme, hüjümden bolsa goranyşa yzygiderli geçýän keşp özgerişleri bilen tomaşaçylary dartgynly ýagdaýda saklaýar. Spektaklyň sýužetiniň özeninde Horezmşa döwletiniň paýtagty Ürgenjiň basylyp alnyşynyň pajygaly taryhy wakalary ýatyr. Şol döwletiň hökümdary Çingiz hanyň goşunyna garşy gaýduwsyzlyk we edermenlik bilen göreşipdir. Beýik basybalyjy soltana söweşe çagyryş iberende, Jelaleddin birjikde ikirjiňlenmän söweşi kabul edýär. Gazaply harby çaknyşykda mongol goşunynyň öň hatary bütinleý derbi-dagyn edilýär. Soňra Çingiz han soltany Hind derýasynyň kenarynda yzarlap ýetýär we onuň goşunynyň galan bölegini ýok edýär. Hökümdaryň maşgalasy heläk bolýar, emma özi at üstünde suwa rowaýatlara giren böküşini amala aşyryp, Hindistana geçýär. Rowaýata görä, beýik basybalyjy ýaş duşmanynyň gaýduwsyzlygyna tüýs ýürekden haýran galyp, ogullaryna: «Atanyň ogly hut şeýle bolmalydyr» diýipdir. Taryhy çeşmelerde bölek-büçek görnüşde saklanyp galan çylşyrymly maglumatlar sahna eseriniň awtory Gowşutgeldi Daňatarow tarapyndan bir ýere jemlenip, täzeden işlenipdir. Pýesa sahna bezeginiň suratkeşi Merdan Akmämmedowyň çeper çözgüdinde özboluşly we täsirli görnüşe eýe bolupdyr. Goýujy-suratkeş «Suratkeşiň iň gowy işi üçin» diýen ýörite baýragyna mynasyp bolupdyr. Çylşyrymly keşpleri ussatlyk bilen janlandyrandygy üçin Gerçek Orazmuhammedow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.