Düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň parlamentiniň düzümi, şeýle hem dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülendigi bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri giňeldýändigi nygtaldy. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky häzirki derejesi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem özara ynamy pugtalandyrmak we dostlukly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Taraplar parlament diplomatiýasynyň üsti bilen özara hormat goýmak, deňlik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de goldamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Mundan ozal Moldowa Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň iş sapary bilen Türkmenistanda bolýandygy barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir