Aşgabatda 2026-njy ýylyň 17–19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Çäre Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda geçiriler. Sergi 17-nji we 18-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, 19-njy sentýabrda bolsa sagat 10:00-dan 15:00-a çenli işlär. Guramaçylar sergä Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenlerini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini, işewürleri we ýurduň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrýarlar. Goşmaça maglumatlary 39-88-81, 39-88-82 we 39-88-84 telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir