Düýn, duşenbe güni Ýewropanyň biržalaryndaky söwdalaşyklarda tebigy gazyň 1 müň kubmetriniň bahasy 1000 amerikan dollaryndan hem gymmatlady diýip, «rg.ru» habar berdi. Bu 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek hasaba alyndy, muňa Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary güwä geçýär. Niderlandlardaky TTF habynda tebigy gazyň oktýabr üçin fýuçersleriniň bahasy 1 müň kubmetr üçin 1004 dollara ýetdi.