Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Li Çže Mýeniň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy. Bu barada gazak lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Tokaýew Seula BRIKS guramasynyň Nýu-Delide geçen sammitinden soňra bardy. 15-nji sentýabrda Seulda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, olarda gazak-koreý strategik hyzmatdaşlygyny berkitmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem gazak lideriniň öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy meýilleşdirilýär diýip, Tokaýewiň metbugat gullugy habar berdi. 16-njy sentýabrda Gazagystanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine gatnaşar. Öz gezeginde «Daryo.uz» portaly Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem düýn sapar bilen Günorta Koreýa barandygyny habar berdi.