Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň Sekretariaty tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Iş toparynyň mejlisine CAREC Maksatnamasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamy boýunça ýorite bellenilen döwlet edarasynyň we syýahatçylyk boýunça hususy ulgamyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge örän uly mümkinçilikleriň, esasan hem, taryhy we ekosyýahatçylygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu ugurda CAREC Maksatnamasynyň goşandyny nygtady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2026 — 2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasynyň işlenip düzülýändigi bilen baglylykda hem teklipler hödürlenildi.