Ýaponiýaly hünärmenler dünýäde robotlar üçin özboluşly «tiz kömek» gullugyny döretdiler. Täze ulag serişdesi Tokionyň köçelerinde peýda boldy we ol adampisint gurluşlara kömek edýär. Ýörite enjamlaşdyrylan furgonda inženerler, abatlaýyş enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary üçin ýerler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem ulagyň içinde eger haýsydyr bir robot hatardan çykyp, öz işini ýerine ýetirip bilmese, ätiýaçlyk robot-gumanoid hem bar. Ulag lukmançylyk awtoulagy ýaly bezelipdir. Onuň üstünde benewşe çyralar ýerleşdirilipdir. Alymlar birnäçe gezek robotlaryň hatardan çykmagy işde bökdençliklere getirenden soňra şeýle hyzmat gullugyny döretmek pikirine geldiler. Häzirki wagtda şeýle hyzmat diňe paýtagtda ýola goýuldy. Eger isleg köp bolsa, hereket edýän ussahanalaryň gerimini giňeltmek meýilleşdirilýär diýip, «Interesting Eigineering» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.