ChatGPT-ni döreden OpenAI kompaniýasy 2026-njy ýylda paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemekden (IPO) saklanar we birža çykmak meýilnamasyny, iň bolmanda, 2027-nji ýyla çenli yza süýşürer. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altman şeýle karara gelinmegini emeli aňyň howpsuzlygyna degişli meseleler bilen düşündirdi. «Howpsuzlyk bilen bagly bolup geçýän ähli zatlary göz öňünde tutsak, häzir jemgyýetçilik kompaniýasy bolmak ýerliksiz bolar» – diýip, Altman «Fortune» žurnalyna habar berdi. Emeli aň sebäpli adamzadyň ýok bolup gitmek howpy 10% diýlip çaklanylýandygy baradaky sowala jogap bereninde, Altman oňa nädip beýle baha berip bolýandygyna düşünmeýändigini, ýöne şeýle çynlakaý töwekgelçiligiň bardygyny aýtdy: «Bu töwekgelçilik 10%, 8% ýa-da 6% bolsun, esasy zat — biziň hemmämiziň üstümizde uly jogapkärçilik ýatyr. Men-menlik, bähbitparazlyk, ýa-da başga bir zat biziň bu jogapkärçiligi ýerine ýetirmegimize päsgel bermeli däl. Biz özümizi şeýle töwekgelçilige sezewar etmez ýaly hereket etmeli we muny başarjakdygymyza ynanýaryn». Şol bir wagtyň özünde Altman OpenAI-yň 2027-nji ýylda ynsanpisint robotyny köpçülige görkezmegi meýilleşdirýändigini aýtdy: «2027-nji ýylda uly görkeziliş, örän täsirli görkeziliş geçirerismikäk diýýän. Entek birnäçe ýyl geçmänkä köçelerde robotlar gezip ýörer-ä öýdemok, ýöne täsir galdyryjy bir zady hökman görkezeris». The New York Times neşiri hem iýun aýynda OpenAI-yň 2026-njy ýylda IPO geçirmegi meýilleşdirmeýändigini habar beripdi. Sentýabryň başynda Altman kompaniýanyň işgärlerine iň ösen emeli aň ulgamlarynyň ösüş depginini haýallatmaga taýýardygyny aýtdy. Birnäçe günden soň Anthropic-iň ýolbaşçysy Dario Amodei hem EA-nyň ösüşini haýallatmagyň tarapdary bolup çykyş etdi.