Türkmenistanyň wekilleri «Sebitara baglanyşyk gün tertibiniň çäginde gümrük işi: Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa, Garadeňiz sebiti we Günorta Kawkaz bilen baglanyşdyrmak» atly seminara gatnaşdylar. Ýewropa Komissiýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) we Polşanyň Milli girdejiler boýunça edarasy tarapyndan guralan seminar 7 — 9-njy sentýabr aralygynda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen geçirilen çäre 15 ýurduň wekillerini, şeýle hem ÝB-niň we BMG-niň degişli edaralarynyň hünärmenlerini özünde jemledi. Çärede «Bir penjire» mehanizmini ösdürmek, e-TIR ulgamyny peýdalanmak arkaly üstaşyr amallaryny sazlaşdyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar geçelgäniň ugry boýunça ýük daşamalaryndaky esasy bökdençlikleri kesgitlediler hem-de gümrük amallaryny çaltlandyrmak we üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bilelikdäki çäreler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga girişdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir