Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkezinde 10–11-nji sentýabrda «Gümrükde sanly özgertmeler: maglumatlaryň utgaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlary we maglumatlary seljermek hem-de awtomatlaşdyrmak işinde emeli aňy ulanmak» atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Duşuşyk garyşyk (gibrid) görnüşde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň ýolbaşçy işgärleri we hünärmenleri, Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň gümrükhanalarynyň wekilleri, şeýle hem «Gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy» ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň diňleýjileri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Seminaryň esasy çykyş ediji Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň bilermeni Ýusif Usubow boldy. BGG-niň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyjylary sanly özgertmeleriň dünýä meýilleri we «Akylly gümrük» (Smart Customs) konseption taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrdylar. Ýusif Usubow maglumatlary analitiki taýdan işlemek we töwekgelçilikleriň awtomatiki esasda kesgitlemek maksady bilen maşyn arkaly öwreniş algoritmlerini hem-de emeli aň modellerini ornaşdyrmak boýunça Azerbaýjanyň amaly tejribesi bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň hünärmenleri sanly ulgamlary ulanmak we emeli aňyň esasynda işlenip taýýarlanan çözgütleri gümrük işine ornaşdyrmak boýunça milli tejribelerini tanyşdyrdylar. Okuw maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, işgärleriň hünär mümkinçiliklerini ösdürmek we geljegi uly bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.