Bering deňziniň Alýaskanyň kenarýakasynda on bäş ýaly oglanjygy halas etmek başartdy, ol tas üç gije-gündiz agan gaýykdan ýapyşyp saklanypdyr. Onuň bilen bile deňze çykan uly agasyny we doganoglanyny halas etmek başartmady, olaryň ikisi hem gark boldy diýip, «Bild» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Ýetginjegi «Hercules» uçarynyň ekipažy ABŞ-nyň kenarýakasynda gözleg işi wagtynda görüpdir. Halas edijilere oňa ýetmek üçin dört sagat töweregi wagt gerek bolupdyr. Şol pursada çenli ol şeýlebir ysgyndan gaçan ekeni, hatda özüne asmandan oklanan halas ediş serişdelerine çenli hem ýüzüp bilmändir. Kenar goragynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýetginjegiň ýagdaýy kadaly. Gaýygyň agmagynyň sebäbi heniz belli däl. Onuň dogany suwa gark bolupdyr, doganoglany hem gaýykdan ýapyşyp saklanypdyr, emma soňra güýjüni ýitirip suwuň düýbüne gidipdir diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir