Gurjak teatrlarynyň «Çodari haýel» atly VIII Halkara festiwaly Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabatlanyp, 21-26-njy oktýabr aralygynda ýurduň paýtagtynda geçiriler diýip, Duşenbe şäheriniň Döwlet Respublikan gurjak teatryna salgylanýan «Howar» agentligi habar berdi. Ady tutulan teatryň Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýan festiwalynyň maksady gurjak sungaty ugrunda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden, gadymy täjik halkynyň gurjak sungatyny dikeltmekden we ösdürmekden, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň estetiki terbiýesini gowulandyrmakdan we gözýetimini giňeltmekden ybaratdyr. «Çodari haýel» atly VIII Halkara gurjak festiwalyna Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Belarusdan, şeýle-de Hindistandan, Hytaýdan we Mongoliýadan döredijilik toparlary çagyryldy. Ýeri gelende aýtsak, bu festiwal Täjigistanda 2007-nji ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilýär.