18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada şäheriň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň maglumatlaryna salgylanyp, turkmengaz.gov.tm habar berýär. Çäre Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler. Guramaçylar iş berijileri boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen çärä gatnaşmaga çagyrýarlar. Zähmet çekmäge isleg bildirýän raýatlaryň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, zähmet depderçesi we hünär derejesini tassyklaýan resminamasy (bar bolsa) bolmalydyr. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 243) 6-06-95, 5-00-94.