Türkmenistanda geçirilýän ýol howpsuzlygy biraýlygynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda degişli mowzuk boýunça çäre geçirildi. ussatnews.com neşiriniň habar bermegine görä, bu çärä ýurduň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy saklaýyş ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäre geçirildi Ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmek, ýollardaky düzgün bozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek, şeýle hem daşky gurşawy goramak we zyýanly endiklerden daşda durmak meselelerine aýratyn üns berildi.