Indoneziýada Ýawan deňzinde heläkçilige uçran «Virgo Transport 8» gämisiniň gark bolan ýolagçylarynyň sany alty adama ýetdi. Bu barada ýurduň Milli gözleg-halas ediş agentligine (Basarnas) salgylanýan «Kompas» portaly habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Gämidäki 243 ýolagçynyň 103-si halas edildi. Galan 140 ýolagçyny gözlemek işleri dowam edýär. Indoneziýanyň Surabai şäherinden Banjarmasine barýan gäminiň deňiz tupanyna düşendigi habar berilýär. Öň Filippinleriň kenarýakasynda ýolagçy paromynda ýangyn döräp, 35 adamyň pida bolandygy habar berlipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir