14-nji sentýabrda Bişkek şäherinde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we bilermenler jemgyýetiniň 150-den gowrak wekiliniň gatnaşmagynda «Bitewi saglyk – 2026» atly sebitleýin maslahat öz işine başlady. Maslahata gatnaşyjylar zoonoz keselleriň öňüni almak, pandemiýalara taýýarlyk görmek, epidemiologik we weterinar gözegçiligini güýçlendirmek, şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Çäräni Gyrgyz Respublikasynyň Hökümeti, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik merkezi (MASEM) we Bütindünýä banky Pandemiýa gaznasynyň hem-de «Bitewi saglyk» atly dört taraplaýyn bileleşigiň — BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Bütindünýä haýwan saglygy guramasynyň we BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň goldawy bilen bilelikde guradylar. Ýokary derejeli plenar mejlisini Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýanyndaky Milli jemgyýetçilik saglygy institutynyň direktory Žarkynbek Kasymbekow alyp bardy. Mejlisiň dowamynda Gyrgyzystanyň «Bitewi saglyk» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyryldy. Maksatnama 30 million ABŞ-nyň dollary möçberinde karz we 1,79 million ABŞ-nyň dollary möçberinde grant maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Bu serişdeleri degişli ugurda dolandyryşy pugtalandyrmaga, işgärleriň hünär mümkinçiliklerini ösdürmäge, şeýle hem howplaryň, şol sanda barlaghana ulgamlarynyň we epidemiologik gözegçiligiň üsti bilen, öňüni almak, ýüze çykarmak we olara garşy dessin çäreleri görmek ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Naji Benhasin bankyň sebit ýurtlaryna maliýe we tehniki goldaw berýändigini, milli ulgamlary pugtalandyrmaga we serhetüsti ýokanç howplaryň öňüni almak boýunça bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam berýändigini belledi. Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Batyr Mämmedow sebitleýin başlangyjyň umumy çemeleşmeleri kemala getirmek tapgyryndan amaly durmuşa geçirmek tapgyryna geçýändigini nygtady. Şeýle hem ol MASEM-iň binýadynda döredilen «Bitewi saglyk» Sebitleýin sekretariatynyň ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi. Maslahatyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişindäki ösüşi hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.