Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen iş duşuşygyny geçirdi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi. Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Taraplar «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň iri halkara çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülendigi we dünýä jemgyýetçiligi üçin ynamdar gepleşikleri alyp barmakda möhüm meýdança hökmünde öňe çykýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän durnukly ösüşi üpjün etmäge, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çärelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu mejlisiň milli kanunçylygy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardam etmegine garaşylýar.