Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesine eýe bolan, hünär ussatlygyny, ylmy-pedagogik işjeňligini we bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandyny görkezen mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habarynda bellenilýär. Ýeňijileri kesgitlemekde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda toplanan görkezijiler we sanly platformada awtomatiki hasaplanan netijeler esasy ölçeg hökmünde kabul edildi. Bäsleşigiň baş baýragyna 505,52 bal bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy. Ol «Ýylyň mugallymy» diýen ada eýe boldy. Türkmenistanda «Ýylyň mugallymy» kesgitlenildi Şeýle-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän 3 sany mugallym birinji orna, 5 sany mugallym ikinji orna we 11 sany mugallym üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan professor-mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanar diýlip, habarda bellenilýär.