Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradow 14-nji sentýabrda Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň musulman dini dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Geňeşiniň 7-nji duşuşygyna gatnaşdy. «AZERTAJ» habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Rahman Gurbanmyradow duşuşykda çykyş edip, türk dünýäsiniň halklarynyň arasynda taryhyň dowamynda berk doganlyk gatnaşyklarynyň kemala gelendigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyklary şäherleriň taryhynda, dini gymmatlyklarda, medeniýetde, däp-dessurlarda we dilleriň ýakynlygynda görmek bolýar. Müftiniň bellemegine görä, esasy wezipeleriň biri türki halklaryň din ýolbaşçylarynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň müftüsi duşuşygyň türki halklary üçin peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir