Türkmenistanyň «Arkadag» we Bahreýniň «Al-Muharrak» futbol klublary 14-nji sentýabrda, duşenbe güni AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasynda «Arkadag» stadionynda metbugat maslahatyny geçirerler. Çäräniň başlanýan wagty ýerli wagt bilen 18:00-da. Metbugat maslahatyna iki toparyň baş tälimçileri we futbolçylary gatnaşarlar. Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, žurnalistler bilen söhbetdeşlikden başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin açyk türgenleşik hem guralar. «Arkadag» we «Al-Muharrak» klublarynyň arasyndaky duşuşyk ertesi gün — 15-nji sentýabrda şol stadionda geçiriler we ýerli wagt bilen 18:45-de başlanar. Bu duşuşyk türkmen topary üçin ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny açar. «Arkadag» «B» toparçada Bahreýniň bu kluby, Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparlary bilen bilelikde çykyş edýär. AFK-2 Çempionlar ligasysynyň ýaryşynyň 2026/2027-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry 9-njy dekabra çenli dowam eder. Şondan soň her toparçadan iň gowy iki topar pleý-off tapgyryna çykar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir