2026-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda ITF usulyndaky taekwondo boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy paýtagtyň häkimliginiň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi gurady. Ýaryşyň baş eminligine halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýew ýolbaşçylyk etdi. Baş sekretaryň wezipesini bolsa sport ussady Annamyrat Goşanyýazow ýerine ýetirdi. Aşgabatda geçirilen ITF taekwondosy boýunça şäher birinjiligine 150-den gowrak türgen gatnaşdy Göreş düşegine 150-den gowrak türgen çykdy. Olaryň 100-den gowragy Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri, 26-sy bolsa Mary welaýatynyň wekilleridir. Aşgabatda geçirilen ITF taekwondosy boýunça şäher birinjiligine 150-den gowrak türgen gatnaşdy Ýaryş «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň goldawy bilen geçirildi. Hojalyk jemgyýeti ýaryşyň hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.